|
|
|
 |
Durmuş we biz |
|
Garaşsyzlyk - milli buýsanç
|
|
Garaşsyzlyk türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata – Watanyna öwrüldi.
|
|
|
Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy bilen türkmenleriň gojaman we şöhratly taryhynyň täze eýýamy - Täze Galkynyşlar we beýik Özgertmeler eýýamy başlandy. Bu eýýamda gazanylan özgerişler bilen Türkmenistan döwletleriň halkara abraýy täze bir belent derejä galdy. Hakykatdan-da, soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistan dünýä täzeden açyldy diýip, arkaýyn aýtmak bolar. Muňa diňe bir Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar bary-ýogy iki ýarym ýylyň dowamynda onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise - başlyklygyna iki gezek saýlanmagy däl, eýsem-de bolsa, Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleriniň onlarçasyna eden saparlarynda, olaryň liderleri ýurdumyza sapara gelenlerinde geçiren netijeli duşuşyklary, gazanylan uzak möhletleýin ylalaşyklar, ýurdumyzda bolup geçýän, dünýäni haýrana galdyran beýikden - beýik özgerişlikler hem şaýat edýändir. Türkmenleriň bu asuda, abadan günlere ýetmegi üçin uzak ýoly geçmeli bolandygyna gojaman taryh şaýatlyk edýär. Halkymyzyň arzuw islegleriniň ählisi-de Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, “Garaşsyzlyga guwanmak-bagtdyr!” Sebäbi Garaşsyzlyk millete erkana ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata - babalarynyň ruhy we gany siňen mukaddes topragyna, özboluşly ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga, özüniň maddy we ruhy potensialyny, ilkinji nobatda, öz bähbitleri üçin peýdalanmaga, öz islegine laýyklykda dost - goňşy tutunmaga, halkara gatnaşyklaryna aýratyn bir döwlet hökmünde gatnaşmaga, dünýädäki bar bolan döwlet bähbitli amatlyklaryndan mümkingadar peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Onuň mümkinçiliklerini artdyrýar, galkynmaga ýol açýar. Watan biziň ählimiz üçin bagtyýar ýaşamagyň baş şertidir. Garaşsyz Watanymyzyň gadyr gymmatyny örän gowy bilmelidiris, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrys! Täze Galkynyş eýýamynda iki sany uly yklymyň - Aziýanyň we ỲÝewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Watanymyz gysga döwrüň içinde görlüp-eşidilmedik derejede özgerýär, dünýäniň iň öňdebaryjy, iň abraýly döwletleriň hataryna çykarýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy halkymyzyň kämil Baş Kanunydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlarymyzyň döwlet tarapyndan ykrar edilen ykbalydyr, adamyň erkinligini, mertebesini, hak-hukugyny kepillendirýän möhüm resminamadyr. Häzir “Adam - iň uly baýlyk” diýip yglan edilen Türkmenistan Watanymyzda parahatçylygyň we rowaçlygyň höküm sürýän täze eýýamynda türkmen halkynyň bozulmaz agzybirliginiň simwoly bolan Baş kanunymyzyň mukaddesligini has-da belende göterjek Konstitusiýa binasy gurulýar.Bir söz bilen aýdanymyzda, dünýä ykdysadyýetiniň, ylym-bilimiň häzirki zaman ýokary tehnologiýanyň gazananlaryny durmuşymyza giňden ornaşdyrmak üçin biz talyplaryň öňünde bu ugurlardan ýokary hünärmenler bolmak wajyp wezipelerimiziň biri bolup durýar. Biz hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň öňünde goýan bu belent wezipelerine hötde gelmek üçin elimizden gelenini edip okarys.Gurbansoltan Begjanowa,TDYDI-niň talyby.
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|